Ï Türkmenistanyň Kanuny «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 9043

I. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 51-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda) şu goşmaçalary girizmeli:

7-nji maddanyň 10-njy bendinden soň, şu mazmunly bentleri goşmaly:

«101) atmosfera howasyna ýaramaz täsir edýän tozanly we duzly aerozollaryň ýaýramagyny azaltmak maksady bilen, tokaý zolaklaryny döredýär;

102) atmosferanyň ýaramaz şertlerine (tozanly we duzly) has çydamly ösümlikleriň görnüşlerini ylmy esasda öwrenýär we önümçilige ornaşdyrýar;»;

8-nji maddanyň 4-nji bendinden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

«41) daşky gurşawyň ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri guraýar;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.