mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni

view-icon 2802
Fransuz  dili mugallymlarynyň Halkara güni

Her ýyl fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni noýabryň soňky penşenbesinde baýram edilýär. Bu baýram Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň başlangyjy bilen döredildi we ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda geçirildi. Fransuz dili mugallymlarynyň güni mugallymçylyk käriniň aýratyn ähmiýetini, mugallymlaryň fransuz dilini, şol dilde gürleýän halklaryň taryhyny we medeniýetini ýaýmaga hem-de ilerletmäge goşandyny goşýar.

Fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni mynasybetli paýtagtymyzda dabara geçirildi. Fransiýanyň Türkmensitandaky ilçisi hanym Izabel Ginel Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistandaky Fransiýa institutynyň adyndan fransuz dili okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň üçüsine sowgat hökmünde okuw kitaplaryny gowşurdy. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutydyr.

Çäräniň dowamynda täze okuw kitaplarynyň mugallymlardyr talyplara fransuz dilini öwrenmekde gowy goldaw boljakdygy nygtaldy. Olaryň arasynda fransuz diliniň leksikasy, grammatikasy, orfografiýasy boýunça okuw kitaplary, okuwçylary DELF/DALF derejesinde synaglara taýýarlamak boýunça ýörite gollanmalar, şeýle hem fransuz edebiýaty, medeniýeti, taryhy hakda kitapalr bar. Türkmensitanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna olardan başga-da, fransuz dilinde diplomatika kursy boýunça ýörite neşirler berildi.

Duşuşyga gatnaşanlar şu ýylyň netijeleri boýunça bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar we fransuz dilini öwrenmäge gönükdirilen bilelikdäki täze bilim taslamalaryny bellediler.

Fransuz dili mugallymlarynyň Halkara güni sebit derejesinde Fransiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisindäki – Türkmenistandaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Özbegistandaky we Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fransuz dili we medeniýeti merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bellenildi. Baýramyň uly möçberli onlaýn-maksatnamasyndan öň Fransiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçileri çykyş etdiler. Onda fransuz dili mugallymlarynyň, şol sanda uzak aradan okatmagyň netijeli, täze amallaryna we uslullaryna degişli dürli tanyşdyryşlar görkezildi. Wirtual tegelek stoluň başynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky fransuz dili mugallymlarynyň Assosiasiýalaryna gatnaşyjylar dil öwretmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda gymmatly tejribe alyşdylar.