Ï Türkmen oba hojalyk institutynyň howandarlygyndaky I Açyk Halkara olimpiadasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk institutynyň howandarlygyndaky I Açyk Halkara olimpiadasy

view-icon 8177
Türkmen oba hojalyk institutynyň howandarlygyndaky I Açyk Halkara olimpiadasy

Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz ş.) ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kompýuter we inžener grafikasy boýunça I Açyk Halkara internet-olimpiadasyny geçirdi.

Onlaýn bäsleşige dünýäniň 12 ýurdundan – Russiadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Koreýadan ýokary okuw mekdepleriniň 18-si gatnaşdy. Türkmenistandan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy olimpiadada çykyş etdi.

Talyplar Autocad, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýleki kompýuter programmalarynda 3D –nusgalary we çyzgylary çyzmakda başarnygyny görkezmelidiler. Işi ýerine ýetirmäge 240 minut wagt berildi. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirildi.

Bäsleşigiň jemi boýunça wezipä hötde gelen we has köp utuk toplan 9 ýeňiji we baýrakly orunlaray eýelänleriňem 47-si kesgitlenildi.

Ýeňijileriň arasynda türkmen talyplarynyň 6-sy we daşary ýurtly talyplaryňam 3-si bar. Olar: Daýanç Mahmudow, Hangeldi Hümmedow (Türkmen oba hojalyk instituty), Atabaý Ýagşymyradow, Döwletmämmet Garaýew (Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Seýran Amangeldiýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Gadyr Porsyýew ( S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Daşary ýurtly ýeňijiler: Lew Mamonow (Belarus milli tehniki uniwersiteti, Belarus), Mehriddin Holib ogly Tilloýew (Daşkent döwlet tehniki uniwersiteti, Özbegistan), Adel Ahmetzýanow (Kazan döwlet agrar uniwersiteti, Russiýa).

Ikinji orunlaryň 19-sy we üçünji ýerleriň 28-si ýokarda ady agzalan ýerli we daşary ýurtly talyplara, şeýle hem Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitertiniň, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýa. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniersitetiniň talyplaryna berildi. Şeýle hem, baýrakly orunlary eýelänleriň arasynda Daşkendiň binagärlik-gurluşyk institutynyň (Özbegistan), Tokaý Uniwersitetiniň (Ýaponiýa), Astrahan döwlet uniwersitetiniň (Russiýa), Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň (Gazagystan) we Timişoary Günbatar uniwersitetiniň (Rumyniýa) talyplary bar.

Kompýuter we inžener grafikasy boýunça I Açyk Halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijileri we baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlar degişli derejeli diplomlar we minnetdarlyk hatlary bilen sylaglanyldy.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň oba hojalyk institutynyň geçiren olimpiadasy talyplaryň döwrebap informasiýa tehnologiýalaryny ulanmak başarnygyna, döredijilik ukybyna baha bermegi we ony höweslendirmäegi, ýaşlaryň kär endiklerini we pikrilenşini ösdürmegi maksat edindi.

Aň-paýhas bäslşeigi Türkmenistanda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, bilimi sanlaşdyrmak, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de ylym we bilim ulgamynda tejribe alyşlmagyň döwlet wezipeleriniň çäklerinde geçirildi.