Ï “Kiçi çille” döwri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Kiçi çille” döwri

view-icon 8335
“Kiçi çille” döwri

Parasatly pederlerimiz özleriniň paýhaslaryna daýanyp, synçylyk nazary bilen Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyny, olara görä ýylyň gelşini we howanyň ýagdaýyny kesgitläpdirler. Şonuň netijesinde hem halkymyz tarapyndan häzire çenli ýöredilýän müçe aý-ýyl hasaby bilen baglanşykly senenamalary ulanypdyrlar. Ýylyň dowamynda haýsy pasylda nähili howanyň boljakdygyny bilipdirler we olar barada aýdylýan paýhasly pikirler, rowaýatlar hem halkymyzyň arasynda saklanylyp galypdyr.

Täze, 2022 – nji ýylyň başlanmagy bilen batyr barsyň häzirki wagtda öňe gidýän depginli gadamyny synlap bolýar. Bars ýylynda doglanlaryň töwekgel adamlar bolup ýetişýändigini müneçjimler aýdýarlar. Töwekgelçilik olaryñ ganyna siňendir. Bular pähim-paýhas bilen iş tutanda, bimöçber bähbit görýärler.

Medeni mirasymyzda häzirki günlerimize çenli saklanylyp galan halk ertekilerinde, rowaýatlarda, nakyllarda pasyllar we olardaky howanyň ýagdaýy baradaky parasatly pikirler jemlenipdir. Tebigat we pasyllar bilen bagly setirler nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde öz beýanyny tapýar. Muňa Magtymguly Pyragynyň “Çille dolup, daglar gyşdan aýrylsa” diýen setirlerini görkezmek bolar. Milli senenamamyza laýyklykda Uly çilleden soňra Kiçi çille gelýär. Uly çille dekabr aýynyň 8-inden ýanwar aýynyň 17-sine çenli, ýagny kyrk gün dowam edýän bolsa, Kiçi çille ýanwar aýynyň 18-inden fewral aýynyň 7-sine çenli 20 gün dowam edýär. Ahyrky garagyşyň öňüsyrasynda gelýän kiçi çille döwründe howa sowuk, ygally bolýar. Megerem şonuň üçindir, ata-babalarymyz «Kiçi çillede balam bolsaň damma» diýen pähimi döredipdirler.