Ï Mugallymlar maşgalasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlar maşgalasy

view-icon 11281
Mugallymlar maşgalasy

Aşgabadyň Annanyýaz Artyk adyndaky orta mekdebi şäherde belli mekdepleriň biri. Bu mekdebe Aýnabat Ballyýewa ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyl mekdep müdiriniň zähmetine mynasyp baha berlip, ol «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Aýnabat mugallym bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol özüniň mugallymlar maşgalasy barada gürrüň berdi.

Aýnabat Ballyýewa çagalykdan gowy mugallym bolmagy arzuw edýärdi. Gyzjagazynyň bu käre bolan höwesine kakasynyň täsiri ýetipdi – ol Mary welaýatyndaky mekdepleriň birinde 40 ýyl sapak berip, mugallymçylyk etdi.

Orta mekdebi tamamlandan soň ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girdi. Şol bir wagtyň özünde-de öz obasyndaky mekdepde kiçi synplarda türkmen dilinden we edebiýatyndan sapak berdi.

– Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap mekdeplerde ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we olara bilim bermekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap tehnologiýalar mugallymyň her bir geçýän sapagynda ýakyndan kömek edýär.Diňe biziň mekdebimizde multimedia synp tagtalarynyň 28-si bar. Daşary ýurt dilleri, şol sanda iňlis we nemes dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär.Okuwçylarymyzyň döwlet we halkara bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmaklary we dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemekleri diýseň begendirýär. Her ýyl uçurymlarymyzyň ençemesi ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa girýärler.

Aýnabat Ballyýewanyň bilime bagyşlap ýazan goşgylarydyr makalalary gazetlerde yzygiderli çap edilýär. Ol makalalarynyň ençemesini beýik türkmen şahyry Magtymgula bagyşlady, ol makalalar okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

– Çagalygym Magtymgulynyň şygryýeti bilen bagly boldy. Ejem öý işlerini edende menden Magtymgulynyň goşgylaryny okamagymy haýyş ederdi. Menem elime kitap alyp, sesli okardym. Indi öz maşgalamda her gün nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamak däbe öwrüldi. Men gyz agtygyma-da Magtymgulynyň goşgylary arkaly durmuşa akyl ýetirmegi ündeýärin.

Aýnabat Ballyýewanyň uly gyzlary ene kesbini ýöredýärler. Olaryň biri ýokary okuw jaýlarynyň birinde iňlis dilinden, ýene bir gyzy bolsa mekdepde sapak berýär. Mugallymçylyk käri maşagalada nesilden nesle geçip, dowam edýär.