Ï Halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy

view-icon 6387
Halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy

2021-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe alýan mekdep okuwçylary okuw dersleri boýunça geçirilen Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň jemi 43-sine, diplomlaryň hem 724-sine mynasyp boldular. Has takygy Halkara ders we taslama bäsleşiklerinde welaýatyň zehinli mekdep okuwçylary altyn medallaryň 16 – syna, kümüş medallaryň 14-ine, bürünç medallaryň hem 11-ine, Halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde hem bürünç medallaryň 2 – sine eýe boldular.

Bulardan başga-da mekdep okuwçylarynyň Halkara internet bäsleşklerinde 1-nji derejeli diplomlaryň 586-syna, 2-nji derejeli diplomlaryň 114-ine we 3-nji derejeli diplomlaryň hem 24-sine mynasyp bolmaklary aýratyn buýsandyryjydyr.

Lebaply mekdep okuwçylarynyň Halkara derejesindäki bäsleşiklerde gazanan bu guwandyryjy netijeleri bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy – enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan “Bilim” syýasatynyň welaýatda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.