Ï Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar

view-icon 11333
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi.

Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov» to the international mass media» atlyçykyşlaryň ýygyndysy bar.

Şeýle hem häzirki wagt kitaphananyň daşary ýurt bölüminde türk dilindäki kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol kitaplar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berildi.

Daşary ýurt dilleri bölümi 1956-njy ýyldan bäri Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýär. Ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda bu bölüm halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary döwletleriň ilçihanalary we medeni guramalar bilen gatnaşyk saklaýar.

Bölümiň kitap gaznasyna dürli edebiýatlar – ensiklopediýalar, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça kitaplar we okuw gollanmalary, sungat, medeniýet, syýasat, ykdysadyýet baradaky hem-de beýleki ulgamlara degişli döwürleýin neşirler girýär. Daşary ýurt bölüminiň gaznasynda dünýäniň 50-den gowrak -- iňlis, nemes, arap, fransuz, türk, hytaý, ýapon, pars, urdu, puştu, iwrit, esperanto dillerindäki kitaplar saklanylýar. Şolar bilen birlikde, seýrek duşýan Aziýa dillerine degişli eserler hem-de ençeme beýlekiler bar.

Bölümiň täsinligi onuň işgärleriniň borçlaryna gaznanyň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň hem-de neşirleriň daşary ýurt dillerinde ulanylmagyndan ybarat bolmagy hem girýär. Işgärler tarapyndan bölümiň gaznasyny toplumlaşdyrmak, neşirleriň daşary ýurt dillerinde işlenilmegi, olar baradaky maglumatlaryň elektron ulgama girizilmegi, bölümiň gaznasyny saklamak, okyjylara hyzmat etmek, köpçülikleýin-habar beriş çärelerini geçirmek işleri amala aşyrylýar.

– Biziň bölümimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar — diýip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň müdiri Ýuliýa Işşenko aýdýar. – Köp adamlar bu ýere maglumatlaryň goşmaça çeşmeleri arkaly bilimlerini artdyrmak bilen meşgullanmaga gelýärler. Tekjelerden Türkmenistanyň durmuşyny beýan edýän köp sanly kitaplary we döwürleýin neşirleri tapyp bolýar. Bölümde «Türkmenika» diýen ugurdaş mazmunly kartoteka alnyp barylýar, «Türkmenistan iňlis dilinde Diýarymyzyň döwürleýin neşirlerinde» diýen bibliografik görkeziji döredilýär. Görkezijiniň esasyna kitaphananyň gaznasyna girýän «Neutral Turkmenistan» gazeti, «Miras», «Diýar», «Demokratiýa we hukuk», «Medeniýet we Syýahat», «Standart, hil we howpsuzlyk», «Türkmenistanyň lukmançylygy» ýaly žurnallar we beýleki döwürleýin neşirler girýär.

Bölümiň hödürleýän ýöriteleşdirilen okuw gollanmalarynyň arasynda audiowizual serişdeler (audio-wideokassetalar, CD, DVD we beýlekiler) bar. Şolar dil bilimlerini baýlaşdyrmaga, daşary ýurt dillerini ýokary hilli öwrenmäge, dünýä boýunça gaýybana syýahat etmäge, daşary ýurtlaryň taryhyny, medeniýetini we sungatyny has düýpli öwrenmäne ýardam berýär.

Kitaphana dynç günsüz hem-de günortanlyk arakesmesiz işleýär. Hepdäniň iş günleri sagat 9-dan – 19-a çenli, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 17-ä çenli baryp bolýar.