Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän şekillendiriş eserleriniň bäsleşikli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşik şekillendiriş sungaty, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we dizaýn işleri boýunça geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlarydyr talyplary bilen bir hatarda ähli isleg bildiren suratkeşler gatnaşdylar. Sergide 400-e ýakyn iş görkezildi.
Sergä gatnaşyjylar bu güne kän taýýarlyk gördüler. Ine-de sergi ajaýyp bedewleriň kümüşdäki, bürünçdäki, keramikadaky, kilimlerdäki we halylardaky şekilleri bilen öwşün atdy. Eserleriň aşagynda awtoryň familiýasyna derek san belgisiniň goýulmagy bäsleşigiň has-da gyzygyny artdyrdy.
Myhmanlary ilki bilen boýy hakyky bedewiň boýy bilen deň bolan bedew şekillendirilen haly önümi garşy aldy. Bu eseriň aýratynlygy bedewiň şekiliniň halynyň ýüzünde güberçek, guýrugynyň bolsa hakyky at guýrugyndan ýerine ýetirilmegidir.
Örän gyzykly surat eserleri hem görkezildi. Suratlaryň birinde aňyrsy görnüp duran ahalteke bedewi şekillendirilip, onuň aňyrsynda halkymyzyň taryhyny görmek bolýar. Bu örän takyk allegoriýa. Sebäbi soňky döwre çenli türkmeniň hiç bir taryhy wakasy bedewsiz geçmedi.
Başga bir suratda çapyp barýan kümüşsöw bedew şekellendirilip, onuň gözelligi gülgüne sary ýata hem-de garamtyl çal dik tekizlik bilen nygtalypdyr. Beýleki suratda bolsa taýçanak bilen enesi şekillendirilipdir. Ajaýyp tebigatyň älemgoşar öwüşginleri bu iki jandary söýgi bilen gurşap alýar.
Kiçijik gyzjagazyň atyň suratyny çekip duran pursatyny görkezýän grafiki usulda ýerine ýetirilen surat hem tomaşyçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Dizaýnerleriň iki sany işi hem aýratyn täsir galdyrdy. Eger-de siz towlanýan çüýleri diňe bir zady başga bir zada berkitmek üçin ulanyp bolýa diýip pikir etseňiz, onda ýalňyşarsynyz. Olaryň kömegi bilen güberçek suratlary döredip bolýan eken. Çüýleriň telpejiklerini boýap, dürli reňkdäki şekilleri, meselem aty şekillendirip bolýar. Bu iş üçin 4500 çüýüň sarp edilendigi bizi geň galdyrdy. Zähmeti köp talap etse-de, ajaýyp netije gazanylypdyr.
Ýene-de bir dizaýn işiň gapdalyndan säginmän geçmek mümkin däl. Ajaýyp bedewiň şekili string-art, ýa-da sapak grafikasy usulynda ýerine ýetirilipdir. Bu eser üçin 5000 kiçijik çüý hem-de 1700 metr sapak ulanylypdyr.
Sergide biz dizaýn kafedrasynyň müdiri Juma Amangeldiýew bilen duşuşdyk. Onuň bilen söhbetdeşlikde biz dizaýnerleriň her sergide ajaýyp üstünlikleri gazanýandyklaryny belledik.
– Dizaýnerçilik işi ýurdumyzda entek ýaş sungatlaryň hatarynda - diýip, Juma aga düşündirdi. -- Çeperçilik akademiýasy ilki açylanda dizaýn binagärlik bilen ýakyndan baglanyşyklydy, soňra bolsa ýuwaş-ýuwaşdan senagat ugruna – öý we iş ýeri bezegine, şäher abadanlaşdyrylyşyna, dokma önümlerine we egin-eşik bezeglerine geçip ugrady. Akademiýada alty ýyllyk okuwyň dowamynda talyplar bu ugurlaryň hemmesini geçip, özleri üçin has laýyk gelýanini saýlap alýarlar. Käbir talyplaryň bu ugurdaky ukyp-başarnyklary mugallymlary hem haýran galdyrýar.
Sergide heýkeltaraşlaryň hem köp sanly işleri görkezildi. Şolaryň hatarynda «Gülbab we taýjagaz», «At bilen ýöräp barýan saýawanly gyz», «Oýun edýän bedewler» ýaly ajaýyp eserleri agzap geçmek bolar.
Sergide görkezilen ajaýyp haly eseriniň awtorynyň kimdigini soramaga hajat ýok. Tomaşaçylar onuň Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewdigini bada-bat aňýarlar. Ol halyçylyk mowzugy boýunça 10 ýyllap yzly-yzyna baýrakly orunlary alyp geldi. Emma geçen ýyl şowsuz boldy. Bu gezek halypa suratkeş ýeňijileriň hatarynda bolyp bilermikä?
Sergide Ada Gutlyýew merkezi dörtburçlyklar bilen bezelen halyny görkezdi.
– Oguz hanyň alty ogly bolup, olaryň her birinden dört agtygy dünýä inipdir. Agtyklaryň her biri hem halyda şekillendirilen okly-ýaýly dörtburçlyklardaky tireleriň tirebaşysy bolupdyr – diýip, Ada Gutlyýew gürrüň berdi.
Awtor diňe munuň bilen çäklenmändir. Ol halynyň gyralarynda düwünli yazgylary ýerleşdiripdir hem-de ony nädip okamalydygyny düşündirdi. Oýünden ýa-da ýaryndan uzakda bolan, çaparyň üsti bilen düwünli sapagy ugradypdyr. Meselem, üç düwünli gara sapak: «Üç günden, gije gelerin», diýmegi aňladypdyr, iki düwünli ak sapak bolsa «Maňa iki gün soňra, gündiz garaşyň» diýmegi aňladypdyr.
Bäsleşigiň netijeleri biraz soňra yglan ediler. Oňa çenli bolsa tomaşyçylara göwünlerine ýaran işlerine janköýerlik etmek hem-de netijeleriň yglan edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşmak galýar.