Ï Ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly

view-icon 5452
Ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly

Türkmen döwlet binagärilk we gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylaryny ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar.

Festiwal 16-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçiriler. Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan wekilleri festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşyp bilerler. Her toparyň düzümi 5 adamdan köp bolmaly däl. Hödürlenen taslama gatnaşyjynyň özi ýa-da halypalaryň ikisiniň gatnaşmagy bilen ýerine ýetirilen bolup biler.

Festiwal dört ugur boýuça geçirilýär:

- Modelleri düzmek we konstruirlemek;

- Inženerçilik işläp düzmeler;

- Robototehnika we emeli intellekt;

- Programmirleme.

Taslamanyň guramaçylary ony geçirmek aşakdakylary göz öňünde tutýarlar:

Modelleri düzmek we konstruirlemek ugry boýunça awtomobilleriň, suw ulagynyň dürli görnüşleriniň, gämiler we uçuş apparatlarynyň hereket edýän modelleri hem-de ulag serişdeleriniň masştaplaşdyrylan nusgalary hödürlenip bilner.

Inženerçilik işläp düzmeler ugry boýunça dürli tehniki gurluşlar we düzümler.

Robototehnika we emeli intellekt ugry boýunça elýeter serişdelerden ýasalan robotlar we robototehniki gurluşlar hem-de emeli intellektiň önümleri.

Ykdysadyýetiň we halk hojalygynyň dürli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligi. Awtomobilleriň, gämileriň, uçuş enjamlarynyň we dürli tehniki gurluşlaryň we düzümleriň 3D-modelirleme programmalarda düzülen modelleri.

Hödürlenýän taslamalaryň netijeliligi aşakdaky ölçegler boýunça kesgitlener:

- taslamalaryň ylmylygy, düşnükliligi we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy;

- taslamanlaryň ýerine ýtirilişiniň özbaşdaklygy we çylşyrymlylyk derejesi;

- tehniki we tehnologiki çözgütleriň gutarnyklylygy;

- taslamalaryň özboluşlylygy we estetiki sypatlandyrylyşy.

Festiwala gatnaşmaga isleg bildirýänler arzanyň görkezilen görnüşini dolduryp, tdbgi.festiwal@gmail.com salga ugradyp, şol ýerde hasaba alnyp bilerler. Festiwala hödülenjek işler şu salga 10-njy maýa çenli iberilmelidir we olar hakyndaky maglumatlar wideoşekiller bilen ugradylmalydyr. Gelip gowşan taslamalar guramaçylar tarapyndan deslapky barlagdan geçiriler.

Festiwalyň jemi boýunça orta okuw mekdeplerinden her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 5 sany we ýokary okuw mekdeplerinden 3 sany iş saýlanyp gowy diýlip yglan ediler. Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara dürli derejeli diplomlar we baýraklar garaşýar.

Festiwal baradaky doly maglumatlar https://tdbgi.edu.tm/ saýtdaky «Bildirişler» bolüminde doly görkezilendir.

Ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly Türkmenistanda tebigi we takyk ylymlary okatmak boýunça Konsepsiýanyň çäklerinde geçirilýär. Festiwal ýaşlaryň döredijilik we ylmy işjeňligini höweslendirmäge, olary inžener-tehniki işlere çekmäge we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga niýetlenendir.