mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

OMOUS-2022: olimpiadanyň jeml jemlendi

view-icon 1941
OMOUS-2022: olimpiadanyň jeml jemlendi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guran ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2022) jemi jemlendi.

Olimpiada türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 700 sany talyplary gatnaşdylar. Matematika gözden geçirilişine 40-dan gowragyndan daşary ýurtlarynyň talyplaryň 500-den gowragy gatnaşdy.

Olimpiada onlaýn görnüşde iňlis dilinde şahsy we toparlaýyn arasynda geçirildi. Şahsy tapgyr iki derejä bölündi. Birinjide – matematikany we informatikany öwrenmäge ýörüteleşen, ikinjide- matematika esasy ugry bolmadyklar bardy. Toparlaýyn bäsleşiklere gatnaşýanalryň okaýan ugruna garalmaýardy.

Türkmen talyplarynyň 23-si ýeňiş gazanyp, 90-sy baýrakly orun eýeläp, şahsy bäsleşikde ajaýyp netije gazandy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň 8-si – Muhammetnur Bagbekow, Oguldöndi Gulyýewa, Aýgül Begenjowa, Aýmaral Ýazmyradowa, Azymgeldi Şyhow, Kuwwatmämmet Hajyýew, Döwletmyrat Esenow we Akja Potdyýewa ýeňiş gazandylar.

Magtymguly adyndaky TDU-dan – Öwezgeldi Akmyradow, Merdangeldi Baýramow, Salyhbek Döwletmyradow, Röwşen Öwezmyradow, Resul Şamuhammedow, Myrat Sapaýew we Akmuhammet Akmyradow öňe saýlandylar.

Muhammet Annaýew, Gurbanmyrat Ýemşikow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Resulberdi Annamuhammedow, Remezan Nurýagdyýew (Türkmen oba hojalyk instituty), Diýar Meredow (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty), Akmyrat Tirkeşow (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty), Jepbar Asgarow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) we Begenç Gurbanmämmedow (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) hem birinji orna mynasyp boldular.

Baýrakly orunlary eýelänleriň arasynda-da ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öňe saýlandylar, şeýle hem olaryň arasynda ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem bar.

Toparlaýyn bäsleşiklerde-de türkmenistanly talyplar birinji orunlaryň 4-sini, ikinji ýeriň 2-sini we üçünji ornuň 6-syny eýelediler. Magtymguly adyndaky TDU-nyň topary 2, HYYwe ÖU-niň we Energetika institutynyň toparlarynyň hersi 1 birinji ýere mynasyp boldular.

Olimpiadanyň jemi boýunça şahsy bäsleşikelrde 56 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 222-si, toparlaýyn bäsleşiklerde 11 birinji we 25 ikinji hem-de üçünji ýerler kesgitlenildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti üç ýyl bäri ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk matematika olimpiadasyny (OMOUS) geçirip gelýär. Geçen ýylky OMOUS-2021-e dünýä ýurtlarynyň 17-sinden 600-e golaý talyp gatnaşdy. Şu ýyl olimpiadanyň çägi has-da giňedi we türkmen talyplarynyň has ýokary netije gazanýandygyny görkezdi.