mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýeňiş gününe bagşylanan bäsleşik

view-icon 1620
Ýeňiş gününe bagşylanan bäsleşik

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň Merkezinde ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda Ýeňiş gününe bagşylanan döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. «Garaşsyz ýurdyň bagtly ýaşlary» atly bäsleşigi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň bilim ministrligi geçirdi.

Döredijilik bäsleşigiň jemleýji tapgyry, ýurdumyzyň ýokary mekdeplerinde öňki geçirilen saýlama tapgyryndaky deslapky ýeňijileri — talyp ýaşlary jemledi.

Bäsleşigiň şertine görä, ýaşlara üç ugur boýunça döredijilikde özüni görkezmekden ybaratdy. Birinjiden — öz geljekki hünäriň boýunça we oň häzirkizaman jemgyýetindäki orny hakdaky temadan ussatlarça beýan etmek. Ikinjiden —watançylyk hakda aýdymlary aýtmakda, goşgulary çeper okamakda ýa-da ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna bagşylanan sahna eserini guramakda tapawutlanmak. Bäsleşigiň bu talabyny ýerine ýetirmekde kömek üçin sahnadaky esasy ýerine ýetirijä goşmaça döet talybay peýdalanmaga rugsat berildi. Üçünjiden — gepe çeperligiňi, degişmeleriňi, halk döredijiligine bolan düşünjeleriňi gysgajyk gürrüňlerişikde beýan etmek.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň garamagynda wagt çäkli bolup, birinji hem-de üçünji ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bary-ýogy üç minut berlip, ikinji ýumuşa bolsa alty minut berilýärdi. Muňa garamazdan, ýaşlar olara ussatlarça hötde geldiler, ýaryş täsirli bolup, bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçdi. Ýaşlar uly ruhubelentlik bilen öz başarjaňlyklaryny, ussatlyklaryny, saýlan hünärlerine höweslerini, iň esasysy hem, ýokary hilli watançylygy, mertligi, adalatlylygy, ynsanperwerligi, rehimdarlygy giňişleýin asyp görkezdiler.

Žýuri agzalarynyň bahasyna görä , öz zehinlerini, döredijilik ukyplaryny tomaşaçylaryň öňünde aýdyň görkezmäge aşakdaky Ýokary okuw mekdeplerine başartdy:

Bäsleşigiň Gran-pri baýragyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Hojadurdy Hojadurdyýew mynasyp boldy.

Birinji ýeri D. Azady adyndaky Türkmen döwlet milli dünýä diller institutynyň talyby Döwran Orazmuhammedow eýeledi.

Iki ikinji ýere S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen obahojalyk uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň paýyna düşdi.

Üç sany üçünji baýrakly orunlary Türkmen döwlet medeniýet instituty, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, diýarymyzyň Goranmak miistrligini Harby instituty paýlaşdy.

Çäräni guramaçylar tarapyndan, bäsleşige gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelänlere degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mundan başgada, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşleri unwersiteti tapawutlananlygy üçin ýörite diplom hem baýrak bilen bellenildi. Bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesi höweslendiriji baýraklary aldylar.