mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanly ýaş suratkeşler Halkara çagalar we ýetginjekler surat festiwalynda ýeňiji boldylar

view-icon 2998
Türkmenistanly ýaş suratkeşler Halkara çagalar we ýetginjekler surat festiwalynda ýeňiji boldylar

Ýaş ildeşlerimiz Merjen Myradowanyň, Oguljeren Guldurdyýewanyň we Selbi Nurýagdyýewanyň işleri Eýranyň şäheri Yspyhanda geçen Halkara çagalar surat festiwalynyň (“Isfahan International Children’s Painting Festival”) jemleýji seçiminde iň gowy işler diýlip saýlanyldy. Gyzlar Yspyhanda geçirilen Halkara 14 – 18 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler suratçylyk bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, ilkinji üç baýrakly ýerleriň ählisini eýelediler.

Yspyhanda geçirilen Halkara çagalar we ýetginjekler üçin suratçylyk bäsleşiginiň mowzugy “Meniň şäherim – durmuşyň şäheri” boldy. Birinji halkara festiwala Ispaniýadan, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Belarusdan, Pakistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Siriýadan, Kanadadan, Nigeriýadan we Hindistandan çagalar gatnaşdy.

Eýranda geçirilen Yspyhan Halkara çagalar surat festiwaly 4 - 6 ýaş, 7 - 9 ýaş, 10 - 13 ýaş we 14 -18 ýaş aralygyndaky dört ýaş toparynda geçirildi, şunda ilkinji üç toparyň ýeňijileri eýranly we ermenistanly suratkeşleriň işleri boldy.

Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow 7-nji maýda Yspyhan şäherinde geçirilen Çagalar we ýetginjekler halkara surat festiwalynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçisi Yspyhanda Çagalar we ýetginjekler üçin Halkara surat festiwalynyň geçirilmeginiň Eýran – Türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin täze ädimdigini nygtady.