Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde şäher mekdepleriniň arasynda okuwçylaryň robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi.
Häzirki zaman robot tehnologiýalaryny we iş tertibini öwrenmäge höwesli oglan-gyzlar üçin bu tehnologik waka hakyky baýrama öwrüldi. Bu ýerde ýaş gurujylar diňe bir zehinlerini ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem robot tehnologiýasyny dolandyrmagyň ençeme syrlaryny hem öwrendiler.
Çärä gatnaşýanlar päsgelçilikli ýaryşa gatnaşmak üçin ýörite döreden robotlaryny bäsleşik meýdançasyna çykardylar. Robot-awtoulag modelleriniň her sürüjisi özüni «Formula-1»-iň piloty ýaly hasaplaýardy. Ölçegi 20x25 sm, agramy 1,5 kilogramdan köp bolmadyk robotlaşdyrylan enjamlardan ýasalan awtoulag ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Dawut Bäşimow ýeňiji boldy.
Okuwçylar «Mars Rover» ýaryşyna-da gatnaşdylar. «Robot-suratkeşleriň» bäsleşigi-de şonçarak özüne çekiji we gyzykly boldy, bu ýaryşda awtomatik usulda surat çekmgiň takyklygyna we tizligine baha berilýärdi.
Ýene bir bäsleşik «Awtomatik Sumo» atly robot ýaryşy boldy. «Söweşiji-robot» modellerini dolandyrýanlaryň öňünde garşydaşynyň awtoulagyny itekläp, ýaryş meýdançasyndan çykarmak meselesi durýardy. Bu bäsleşikde 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Arslan Poladowyň robotyna taý gelen bolmady.
Tehnologik çäräniň çäginde bäsleşik tertibinden daşgary açyk howada sergiler, bäsleşikler we çagalar üçin gyzykly oýunlar guraldy. Ýaryşlaryň ahyrynda gatnaşyjylara ýörite baýraklar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň ýaş nesli häzirki zaman tehnologiýalary bilen içgin gyzyklanýarlar. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň esasynda ýaşlara iş tertibiniň esaslaryny öwredýän gurnaklar we bölümler açylýar. Öz gezeginde, ýokary derejede geçirilýän robot ýaryşlary çagalaryň we ýaşlaryň bilimleriniň giňemegine, maglumat alyş-çalşygyna we häzirki zaman tehniki döredijiligine gatnaşmagyna goşant goşýar.