Ï Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

view-icon 4066
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýerip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheri polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bu maslahata institutyň professsor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda myhmanlar ýol hereketiniň kadalary babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Myhmanlaryň çuňňur manyly gürrüňleri maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.