Ï Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3581
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän milli ahlak ýörelgelerine esaslanyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Berkarar döwletimiziň milli gahrymanlary watansöýüjilik nusgalyk mekdebidir» atly uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi.

Çärä institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniñ dowamynda ýokary okuw mekdebimiziñ talyp sport döredijiliginde taýynlan täsirli çykyşlary ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.