mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Milli baýram mynasybetli ylym we innowasiýa dabarasy

view-icon 2466

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli innowasion taslamalaryň iki günlük sergisi bolup geçdi.

Baýramçylyk sergisi ýokary mekdebiň wekilleri, talyplary we Ýaş alymlar geňeşiniň (ÝAG) mugallymlary tarapyndan döredilen ýigrimiden gowrak innowasion taslamany öz içine alýar.

Ýaş nesliň ylmy işiniň her bir nusgasy üns bermäge mynasyp bolup, uly gyzyklanma döretdi. Bu işler özüniň täzeçilligi we özboluşlylygy bilen özüne çekip, awtoryň pikiriň çuňlugy duýulýar.

Ine olaryň biri ‒ ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge niýetlenen taslama. Bu iş aragatnaşygyň radiotehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Daýanç Ýazlakowa we Sapargeldi Rejebowa tarapyndan taýýarlanyldy. Awtomatlaşdyrylan ýyladyşhanada ýylylyga we çyglylyga gözegçilik etmek, jaýyň içiniň ýagtylygyny sazlamak, topragyň çygyny ölçemek, suwarma we ýyladyş ýaly akylly wezipeleri öz içine alýar. Işleriň ählisi planşet arkaly dolandyrylýar. Bu ulgam her ösümlik üçin zerur şertleri sazlamaga mümkinçilik berýär, munuň üçin planşetdäki goşmaça programmany işe girizmek ýeterlikdir.

Sergide «akylly rozetkalar», «akylly öçürijiler», ýylylygyň we çyglylygyň sanly ölçegleri hem görkezildi. «Akylly öýi» dolandyryş usullary ýaş mugallymlar Döwrangeldi Suhanow we Begenç Annaýewiň ýolbaşçylygynda TTII-niň ÝMG tarapyndan işlenip düzüldi. Bu taslamalaryň tapawutly taraplary olary öýde oturtmak üçin hiç hili ýörite gurala zerurlygyň bolmazlygydyr. Olary bize tanyş bolan adaty rozetkalaryň we söndürijileriň ýerinde oturtmak bolýar, mundan soň olar mobil goşmaça programma arkaly öýjükli telefona birikdirilýär.

Ýerli taslamaçylaryň işläp düzýän «akylly öýi» dolandyryş usullarynyň durmuşa girizilmegi hünärmenler üçin ileri tutulýan wezipedir, onuň amala aşyrylmagy serişdäni tygşytlamaga we enjamyň iş tizligini artdyrmaga mümkinçilik berer. TTII-niň wekilleriniň şäherlileriň döwrebap täze jaýlarda rahatlyklaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýän sanly çözgütleri döretmek bilen, şäher gurluşygyna işjeň we netijeli gatnaşýandyklaryny bellemelidiris.

Sergä gatnaşýanlarda aýratyn täsir galdyran zat çagalara elipbiý öwredýän robot-mugallym boldy. Bu işiň awtory Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ahmet Şyhlyýew. Robota harply ýörite REID-kartyny degreniňde, elektron «mugallym» ony okaýar we şol harpdan başlanýan bir sözi mysal getirýär.

Çagalar üçin taýýarlanan ýene bir enjam klawiaturada hat ýazmagy öwretmäge niýetlenen programmasydyr. Onuň awtory 3-nji ýyl talyby Abdyrahman Jumaýew. Bu programma birnäçe derejeden durýar. Başlangyç derejelerde ol klawiaturada harplaryň ýerleşişini, ony dilden dile geçirmegi öwredýär. Soňky derejelerde programma çalt ýazmagyň tehnikasyny özleşdirmäge mümkinçilik berýär we bir minutda çap edilen sözüň mukdaryny görkezýär.

Başga bir oýlanyp tapylan zat sagdyn durmuş ýörelgelere gönükdirilipdir. Bu welosipede dakylýan tizlik görkezijisidir. Enjam welosipediň tizligini we munuň üçin sarp edilýän kaloriýany aňsatlyk bilen kesgitleýär. Bu işiň awtory Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mekan Seýitgulyýew.

Sergä gatnaşýan ähli innowasion taslamalarda awtorlaryň täze pikirleri we döredijilikli çözgütleri, özboluşly döredijilikli we ylmy çemeleşme öz beýanyny tapypdyr. Her taslamanyň maksady ony amala aşyrmagyň geljegi, köpçülikleýin önümçilige girizmek, şeýlelik-de, ýurdumyzyň innowasion ösüşine goşant goşmakdyr. Baýramçylyk sergisine gatnaşýan ähli talyp taslamalary ýokary mekdebiň tamamlanyp barýan 2021-2022-nji okuw ýylyndaky üstünliklerini we ýeten derejelerini görkezdi. Bu institutyň häzirki zaman ylmy we tejribe barlaghanalarynda ýaşlaryň öndürijilikli okuw we ylmy işi üçin zerur ähli şertler döredilen mekdebiň MT meýdançasynda döredilen taslamalardyr.

Goşa baýramçylyk mynasybetli geçirilen Innowasion taslamalar sergisi ylmyň we innowasiýanyň hakyky dabarasy boldy.