Ï Ýokary mekdebiň durmuşyndaky parlak sahypa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary mekdebiň durmuşyndaky parlak sahypa

view-icon 5147
Ýokary mekdebiň durmuşyndaky parlak sahypa

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw jaýynyň işgärleri bilen ýakynda geçiren duşuşygyna bagyşlap, dabaraly çäreler geçirýär.

3-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp gördi. Alym Arkadagymyz bilen bolan duşuşyk, hakykatdanam, ýokary mekdebiň durmuşynda aýdyň sahypa, täze okuw ýylynda möhüm waka boldy, institutyň wekillerini täze başlangyçlara, üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrdy.

Institutyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi. Alym Arkadagymyz öz manyly çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, häzirki we geljekki ösüşi barada durup, talyplara – bu pudagyň geljekki hünärmenlerine dana pähimli maslahatlardyr görkezmeler berdi.

Bu çärä bagyşlap, institutda konferensiýa guraldy. Oňa gatnaşanlar Arkadagymyzyň geçiren açyk sapagy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler, onuň mugallymlardyr talyplar üçin möhümdigini we bahasyna ýetip bolmajak peýdasyny nygtadylar. Institutdaky konferensiýa aýdymçylaryň we talyplar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konserti bilen tamamlandy.

Şu günler bu möhüm wakanyň hormatyna, institutyň açyk baýramçylyk meýdançasynda talyplar üçin Gahryman Arkadagymyzyň çykyşyna köpçülikleýin tomaşa guraldy. Onuň dowamynda ýygnananlaryň her birinde özi üçin zerur zatlary bellik etmek, ýurdumyzyň energetika pudagy we geljekki hünäri barada bilimlerini baýlaşdyrmak we artdyrmak mümkinçiligi boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň Energetika institutyna eden taryhy sapary we Arkadagymyzyň mugallymlardyr talyplar bilen geçiren netijeli duşuşygy mynasybetli institutyň ýaş alymlarynyň agzybir toparynyň taýýarlan ylmy işleriniň sergisi guraldy.