Ï Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ikisi ilkinji gezek THE Impact Rankings-2022-niň dünýä reýtingine girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ikisi ilkinji gezek THE Impact Rankings-2022-niň dünýä reýtingine girizildi

view-icon 5389
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ikisi ilkinji gezek THE Impact Rankings-2022-niň dünýä reýtingine girizildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek täsir etmegiň THE Impact Rankings-2022 atly ählumumy reýtinginiň sanawynda girizildi.

Reýting 2019-njy ýyldan bäri her ýyl «Times Higher Education (THE)» britan guramasy tarapyndan geçirilýär we neşir edilýär. THE Impact Rankings reýtingi – bu netijeliligiň ýeke-täk ählumumy sanaw belgisi bolup, şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça baha berilýär. Reýting BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sine ýetmek babatda ýokary okuw mekdepleriniň gazanan üstünliklerini hem-de dünýäniň ýokary mekdepleriniň durmuş-ykdysady taýdan ýetirýän täsirini ölçeýär. Ýokary okuw mekdepleri maksatlaryň 17-siniň islendigine baha bermek üçin maglumatlary hödürläp bilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) boýunça we Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan ýene-de üçüsi boýunça maglumatlary beren ýokary okuw mekdepleri umumy reýtinge goşulýar. Umumy sanawda ýokary okuw mekdebiniň jemleýji görkezijisi, onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si boýunça gazanan bahasynyň galan Durnukly ösüş maksatlarynyň iň oňat üçüsiniň bahalary bilen birleşdirilmegi arkaly hasaplanylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine halkara bilermenler tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-njisini (bilimiň hili), Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-njisini (elýeterli we arassa energiýa), Durnukly ösüş maksatlarynyň 9-njysyny (senagat, innowasiýalar we infrastruktura), Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-njisini (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) gazanmagy boýunça baha berildi.

Ýurdumyzyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Durnukly ösüş maksatlarynyň 1-njisini (garyplyk ýok), Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-njisini (bilimiň hili), Durnukly ösüş maksatlarynyň 8-njisini (mynasyp iş we ykdysady ösüş) hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-njisini (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) durmuşa geçirmegi babatda bellenildi.

THE Impact Rankings-2022 atly reýtingiň netijeleriniň dördünji neşirine dünýäniň 106 ýurdundan uniwersitetleriň 1406-sy girdi. Täsir etmegiň Reýtingine gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar, çünki ýokary okuw mekdepleriniň barha köp sanlysy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ygrarlydyklaryny görkezmäge hem-de THE Impact Rankings atly abraýly dünýä reýtinginiň sanawyna goşulmaga ymtylýarlar. Reýting oňa gatnaşyjylary Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda çalt ösýändiklerini görkezmäge, guramaçylara ösüşleriniň has anyk we açyk subutnamalaryny hödürlemek bilen, bu ugurda täze usullary girizmäge hem-de çäreleri iş ýüzünde gowulandyrmaga itergi berýär.

Ýurdumyzda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar, ýokary hilli hem-de netijeli çäreler görülýär. Dünýä ölçeglerine laýyklykda, umuman, milli bilim ulgamy depginli kämilleşdirilýär we ösdürilýär, şonuň netijesinde, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň reýtingler beýan edilýän abraýly sanawlarynda orunlary ýygy-ýygydan eýeleýärler.

Telekommunikasiýalar we informatika instituty THE britan guramasynyň reýtinglerinde ozal hem bellenipdi. Bu institut üçin dünýä derejeli reýtingleriň çäklerinde başy başlanylan ilkinji ýeňiş. Ýokary okuw mekdeplerimiziň üstünlikleri olaryň alyp barýan işleriniň giň gerimlidigine hem-de netijelidigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine halkara bilermenler tarapyndan geljekde ýene-de ençeme gezek ýokary derejede baha beriljekdigine güwädirdir.