Ï Baý milli mirasymyzy wasp edýän sergi gurnaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baý milli mirasymyzy wasp edýän sergi gurnaldy

view-icon 3393
Baý milli mirasymyzy wasp edýän sergi gurnaldy

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň baş binasynyň eýwanynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde göçme sergini gurnadylar.

Muzeýiň ylmy işgärleri türkmen halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasynyň ýaşlaryň terbiýesindäki möhüm orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda sergä gatnaşyjylara giňişleýin gürrüň berdiler.

Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserleri bilen tanyşdylar.