mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen talyplary arap dili boýunça VI Talyplar olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

view-icon 2195
Türkmen talyplary arap dili boýunça VI Talyplar olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Kazan (Priwožsk) federal uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary institutynyň (Kazan ş. Russiýa) guran arap dili boýunça VI Talyplar olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler.

Gözden geçirilişiň netijesi boýunça bu institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplary Ahmet Mahmudow we Muhammad Usmanow degişlilikde ikinji we üçünji orny eýelediler. Olar olimpiadanyň sözleýiş bäsleşiginde tapawutlandylar.

Talyplar bäsleşigi onlaýn görnüşde geçirildi. Olimpiadada türkmen talyplary arap dilini oňat bilýändiklerini we bu ugurdan ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalary olaryň dil bilşine ýokary baha berdiler. Şu ugurdan bary-ýogy bäş baýrakly orun eýelänler we üç ýeňiji yglan edildi.

Olimpiada sinhron terjime, gürlemek, terjime, şahyrana bäsleşik we esse bäsleşigi ýaly bäş ugurdan geçirildi. Aň-paýhas bäsleşigi GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde arap dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän talyplaryň arasynda geçirildi.

Arap dili boýunça her ýylky olimpiada talyplaryň döredijilik we ylmy işjeňlik derejesini ýokarlandyrmak, arap diline, arap ýurtlarynyň taryhyna, geografiýasyna, däplerine, edebiýatyna we medeniýetine höwesini artdyrmak, olaryň ukybyny ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem arap dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän dürli ugurlardan bilim alýan talyplaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýär.