Ï Gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi

view-icon 3940
Gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Bütindünýä şäherler güni mynasybetli gaýtadan işlenen çig maldan önüm almagyň täzeçil usullary boýunça BMGÖM bilen bilelikde yglan eden bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Hödürlenen işleriň awtorlary mundan beýläk-de gündelik durmuşda ulanmak pikiri bilen, işlenen materiallardan (plastmassa, aýna, kagyz we agaç) önüm öndürmäge döredijilikli we täzeçil çemeleşmeleri görkezdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Täjowa Ogulşirin gaýtadan işlenen plastmassa taşlandylaryndan galyndysyz önüm öndürmek işini doly işläp düzendigi üçin, hormatly birinji orna mynasyp boldy.

Ikinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Esenowa Merjen aldy. Ol plastikden kerpiç öndürmek baradaky ylmy işiň awtorydyr.

Üçünji orny Garlyk dag-magdan toplumynyň galit galyndylaryndan nahar duzuny almagyň tehnologiýasyny işläp düzendigi üçin, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Begeanow Jemşit eýeledi.

Akylly konteýneri oýlap tapandygy üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şamyradow Atajanyň ýörite emin baýragy bilen sylaglanandydygyny bellemelidiris. Bu gurluşy galyndylary ýygnamak üçin, ýylyň ahyrynda uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynyň çäginde BMGÖM taslamasynyň synag meýdançasynda ulanylmagy teklip edilýär.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň öz ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, talyplaryň arasyndaky geçirilen bu bäsleşik geljekki ekologlary galyndylara aýawly çemeleşmek ýaly meseleleri çözmekde döredijilikli we täzeçil pikir ýöretmäge taýýarlamaga ýardam etmelidir.

Galyndylardan we buýan köküni gaýtadan işlemek arkaly organik dökün öndürmek baradaky işler aýratyn bellenildi. Önümçiligiň barha ösmegi we buýan köküniň dermanlyk maksady bilen ulanylmagy sebäpli, önümçilik galyndylarynyň mukdary artýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, bäsleşige gatnaşýanlaryň biri biogumat – suwuk organik dökün öndürmegiň netijeli usulyny teklip etdi.

Bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine Hormat haty, ýeňijileriň hemmesine bolsa BMGÖM-den ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.