mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

TYA Tehnologiýalar merkezi täze internet-žurnal döretmäge taýýarlanýar

view-icon 2188

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy we amaly elektron žurnalyny neşir eder. Žurnal ýurdumyzyň innowasion ösüşine goşant goşmak, türkmen alymlarynyň ylmy açyşlarynyň ýaýramagyna we ýurdumyzyň ylmynyň dünýä ylmy giňişligine girmegine itergi bermek üçin niýetlenendir.

Täze internet neşiriň döredijisi hökmünde Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy we amaly elektron žurnalynyň guramaçylyk, hukuk we tehniki talaplaryny kesgitleýän Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlady, ol köpçülige açyk bütindünýä internet ulgamy arkaly erkin paýlanar. Onda žurnalyň ylmy-barlag edaralarynda we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilen ylmy-gözleg işleriniň netijeleriniň çap ediljekdigi bellenýär.

Neşirleriň temalary ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige we beýleki ugurlara girizmegiň mümkinçiligine üns bermek bilen, innowasion ylmy hem tehnologik ugurlaryň giň toparyny öz içine alar. Žurnal baradaky Düzgünnamanyň taslamasynda Türkmenistanda ylym we tehnologiýany ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar görkezilýär: nanotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, täze materiallar we energetika boýunça gözlegler; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman önümlerini öndürmegiň häzirki zaman tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet.

Täze internet-neşir ylmy habarlaryň çeşmesi bolup hyzmat eder, bu habarlary nebit-gaz, himiýa, oba hojalygy we täze tehnologiýalar pudagynda ylmy barlaglary amala aşyrýan beýleki pudaklaryň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we bu ugurlarda bilim alýan talyplar, şeýle hem giň okyjy köpçüligi öz wagtynda alyp bilerler.

Täze ylmy we amaly elektron žurnal ýylda dört gezek neşir ediler. Onuň redaksiýa işgärleriniň düzümine abraýly türkmen we daşary ýurtly alymlar girer. Türkmen dilindäki makalalaryň iňlis we rus dillerinde düşündirişleri bolar, şeýle hem daşary ýurtly awtorlaryň makalalarynyň şu dillerde çap edilmegi hem göz öňünde tutulýar.