Ï «Türkmentelekom-2022» XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmentel-2022» XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

view-icon 4867
«Türkmentel-2022» XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Aşgabatda eýýäm on bäşinji gezek geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2022» Halkara sergisi we ylmy maslahaty 10-11-nji noýabrda geçiriler. Her ýylky çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy maglumat-kommunikasiýalary we teleradiogepleşikler enjamlary pudagynda milli we halkara üstünlikleri görkezmek, strategiýa taýdan bu möhüm ulgamda has täze ugurlary we halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraýarlar.

«Türkmentel-2022» — telekommunikasiýalar, innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar pudagynda tejribe, täze pikirleri we sepgitleri alyşmaga mümkinçilik berýän sebitde iri çäredir. Sergä gelenler ykdysadyýet we telelekeçilik üçin täze mümkinçilikler açýan iň gowy üstünliklerini görkezerler, geljegi uly taslamalaryny we anyk şertnamalary durmuşa geçirmek üçin berk işewür hyzmatdaşlygy ýola goýarlar. Guramaçylyk komiteti hünärmenleriň, halkara guramalarynyň hem-de işewürler toparynyň arasynda uly gyzyklanma döreden sergä we maslahata taýýarlyk görýär.

Maslahat iki günüň dowamynda sergi bilen birlikde gönüden-göni we onlaýn görnüşde geçiriler. 11-nji noýabrda irden sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýada we Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener. Bäsleşik innowasion programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlaýan hem-de ornaşdyrýan ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge ýardam edýär. Onuň ýeňijileri diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.