Ï Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli düzme bäsleşigi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli düzme bäsleşigi geçirilýär

view-icon 47480
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli düzme bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi Halkara Bitaraplyk güni myansybetli «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» temasyndan düzme bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşige Aşgabadyň we welaýatlaryň ýokary synp okuwçylary – institutyň Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şu temadan düzmelerini şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salga ugratmaly. Bäsleşige iberilýän düzmelere aýratyn talap bildirilmeýär. Döredijilik bäsleşginiň jemi 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda jemlener.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmatly sowgatlary we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglanylar.

Bäsleşik ýurdumyzyň daşary syýasatyny giňden ýaýmak, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny öwrenmäge höwesi kemala getirmek, höweslendirmek hem-de ösdürmek, şeýle hem has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Halkara Bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýär. Ol 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp, Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde beýan edilen Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi.

Netijede, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul edipdi.