Ï Mugallymlarda gender başarnyklaryny emele getirmek boýunça okuwlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlarda gender başarnyklaryny emele getirmek boýunça okuwlar

view-icon 5047

Şu hepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty mekdep mugallymlarynda gender başarnyklaryny emele getirmek we gender gün tertibini okuw işine goşmak boýunça okuw derslerini geçirýär. Okuwlary ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ÝUNISEF-iň hünärmeni Näzik Akyýewa alyp barýar. Interaktiw formatda häzirki zaman usullaryna laýyklykda alnyp barylýan bu okuwlar dürli ýumuşlar arkaly gender başarnyklaryny emele getirmäge gönükdirilipdir, ýumuşlar ýerine ýetirilenden soň, köpçülikleýin pikir alyşylýar we onuň ýerine ýetirilişi derňelýär.

Her okuw güni belli bir tema bagyşlanýar. Mysal üçin, okuwyň birinji gününde, 7-nji noýabrda çärä gatnaşýanlar bilen geçirilen ähli işler synpda gender ugurly öwrediş gurşawyny döretmek ýaly başarnygy emele getirmäge gönükdirildi.

Başarnyklary emele getirmek – «Mugallym aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk we toparlaýyn işlemek arkaly, okuwyň gidişinde maglumat almakda oglanlaryň we gyzlaryň deňligini üpjün edýär, synpda we mekdepde jyns taýdan howpsuz gurşawy döredýär» temasyna okuwyň ikinji güni bagyşlandy.

Okuwyň gidişinde öwredişiň dürli görnüşleri ulanylýar: toparlarda işlemek, tanyşdyrmalar, dürli psihologik maşklar, beýni zabty we ş.m. Şeýlelikde, täze başarnyklary iş ýüzünde nähili ulanmalydygyny we kärdeşleriňe konstruktiw jogap bermegi öwrenmek üçin, «okuwçy» toparlardan gender jähetlerini we şahsyýete gönükdirilen pedagogika sapagyň tamasyny ara alyp maslahatlaşmak, saýlamak, sapagyň bir bölegini ýazmak, şeýle hem ony sahnada görkezmek teklip edildi.

Beýni zabtynyň barşynda mekdep mugallymlarynyň gender aýratynlygyna esaslanýan pedagogika, gender stereotipleri we aralyk gender dili ýaly esasy terminlere düşünişi aýdyňlaşdyryldy. Anyk ýumuşlaryň ýerine ýetirilmegi, meselem, «Gender jähetlerini göz öňünde tutmak bilen,  köp okuwçyly synplarda işlemegiň strategiýasy»  ýaly synp otaglarynda oňyn öwrediş tejribesini döretmäge gönükdirildi.

Her günüň ahyrynda okuwa gatnaşýanlaryň özleri geçen okuwyň temasy boýunça näme bilendikleri, näme täze zat öwrenendikleri we şu temanyň çäginde öwrenmek isleýän zatlaryny gündeliklerine ýazyp, jemleýärler.