mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Bütindünýä filosofiýa güni bellenildi

view-icon 2208
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Bütindünýä filosofiýa güni bellenildi

Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji penşenbesi Birleşen Milletler Gurmasynyň senenamasynda Bütindünýä filosofiýa güni diýlip bellenilýär. Bütindünýä filosofiýa güni mynasybetli dünýäniň 70-den gowrak döwletinde dürli çäreler geçirilýär. Şol gün bu ugruň wekilleri medeni-dynç alyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, okuw merkezlerinde filosofiýa ylmyna degişli söhbetdeşlikler geçirýärler, filosofiýa dersi boýunça ylmy makalalary öwrenýärler.

Filosofiýa ylmy Platon, Aristotel, Demokrit ýaly dünýä belli akyldarlaryň atlary bilen berk baglydyr. Ençeme akyldar-filosoflaryň türkmen topragynda hem ýaşap geçendigi guwandyryjydyr. Olardan Horezminiň, Al-Farabynyň, Ibn Sinanyň we beýlekileriň atlaryny agzap bolar. Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Zeliliniň, Seýdiniň, Mollanepesiň eserleri hem çuňňur filosofik pikirlere eýlenendir.

Bütindünýä filosofiýa güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde filosofiýa ylmy boýunça iňlis we türkmen dillerinde III onlaýn olimpiadasy geçirildi.