Ï Aşgabatda robot tehnikasy boýunça boýunça ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda robot tehnikasy boýunça boýunça ýaryş geçirildi

view-icon 4676
Aşgabatda robot tehnikasy boýunça boýunça ýaryş geçirildi

12-nji we 13-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde robot tehnikasy boýunça iki günlük ýaryş geçirildi. Ýaryşa şu mekdebiň okuwçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary, orta harby mekdepleriň şeýle hem 97-nji orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdy.

«Tehnologiýa we bilim sergisi» ýa-da, ýaş tehnikleriň dili bilen aýdanyňda, «Robofest» diýlip atlandyrylýan bu ýaryş üç ugry öz içine aldy: «Ýapon sumosy», «Labirint» we «Toparlaýyn taslama».

Ýaryş meýdançasynda döredijilik işleriniň sergisi guraldy, çagalaryň el işleri, milli tagamlar, mekdep maksatnamasyndaky derslere – himiýa, biologiýa, kompýuter tehnologiýasyna bagyşlanan diwarlyklar görkezildi.

Ýaşlar bu ýaryşa has öňden taýýarlyk görüp başladylar. Olar öz robotlaryny döretmegiň üstünde synag geçirdiler, robot modellerini kompýuterler we el telefonlary bilen birikdirmäge mümkinçilik berýän programma üpjünçiligini öwrendiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna we talyplara has netijeli okamaga kömek edýän sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Mugallymlaryň aýtmagyna görä, okuw işine häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy okuwçylaryň kompýuter bilimleriniň derejesini ep-esli ýokarlandyrdy.

Okuwçylar öz bilimlerini mekdebara ýaryşlarda we olimpiadalarda iş ýüzünde ulanyp bilerler. «Robofest»-e gaýdyp gelsek, «Ýapon sumosy» boýunça bäsleşikde birinji orna Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçysy Ahmetýar Çaryýewiň mynasyp bolandygyny aýtmaly.

«Labirint» bäsleşiginde birinji orny 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Mähri Jowadowa eýeledi. «Toparlaýyn taslamada» Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary özleriniň başarnyklaryny ajaýyp görkezdiler.

Robot tehnikasy boýunça ýaryşy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Dana» bilim merkeziniň we 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň goldawy bilen geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenjek dabarasyna gabatlap geçirildi.