Ï Türkmenistanda himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirilýär

view-icon 5826
Türkmenistanda himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 14-17-nji noýabrda himiýa boýunça Halkara talyplar internet olimpiadasy geçirilýär.

Onuň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory, eminler toparynyň başlygy Baýramgül Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory Durdymyrat Gadamow, Russiýa tarapyndan eminler toparynyň agzasy, M. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň fizika himiýasy kafedrasynyň dosenti Oksana Ryžowa bu dersden bilimini barlamaga isleg bildiren talyplary mübärekläp çykyş etdiler.

Internet-olimpiada dünýä döwletleriniň ýigrimisinden gowrak ýurtdan üç ýüze golaý talyp gatnaşmaga isleg bildirdi. Olaryň arasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Ukrainanyň, ABŞ-nyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Belarusyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar.

Himiýa esasy ugry ýa-da esasy ugry bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň 14-siniň talyplary Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Olimpiada «A» we «B» derejelerde tapgyrlaýyn geçirilýär. Eminler toparynyň hataryndaky halkara bilermenleriniň taýýarlan meseleleri çylşyrymlylygy boýunça tapawutlanýar.

Internet olimpiadanyň jemi boýunça finalçylar yglan ediler. Ýeňijilere üç dereje boýunça diplomlar gowşurylar.