mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnaly neşir ediler

view-icon 2362
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnaly neşir ediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehologiýalar merkezinde «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» ady bilen her çärýekde ylmy-amaly elektron žurnaly neşir ediler.

Internet neşiriň sahypalarynda ylmy barlaglar esasynda öňde baryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlarynyň çalt önümçilige ornaşdyrylmagynyň, önümçilige ornaşdyrylanlarynyň, ylym we tehnika ulgamynda täze usullaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň meselelerine garalar.

Žurnalyň wezipesi ýaş alymlaryň geljegi, olaryň uly açyşlaryny goldamaga we ýurduň ylym hem-de tehnika ulgamynda innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Täze ylmy-amaly elektron žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ederler.