23-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de bilim we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilim ministri ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, gatnaşyklarda gazanylan möhüm üstünlikleri belledi. Şol üstünlikleriň hatarynda ÝUNISEF-iň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde “2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi bar. Ol her çaga üçin inklýuziw we ýokary hilli bilimi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we “2020-2025-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasy” ýaly gol çekilen strategik resminamalaryň ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge köp babatda ýardam edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde robot tehnikasy klubunyň açylmagy hem-de döwrebap sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen birlikde STEAM-bilimiň ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar interaktiw okuw serişdelerini döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary maslahatlaşdylar.
Ministr irki ösüş we inklýuziýa babatda ÝUNISEF-iň alyp barýan işiniň wajypdygyny belläp, Aşgabatdaky hem-de Lebap welaýatyndaky çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezlerini döretmegiň, şeýle hem irki goşulyşmak otaglarynyň açylmagynyň netijelerini nygtady. Bu tagallalar bilim işinde ene-atalaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de aýratyn talaplar gerek bolan çagalar üçin bilime irki elýeterliligiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Hanym Jalpa Ratna mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, çagalaryň hukuklaryny öňe ilerletmekde we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň uly üstünlikleri görkezýändigini belledi. Myhman hemmeler üçin ýokary hilli hem-de elýeter bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy geljekde pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň çagalarynyň we ýaşlarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Anastasiýa Kasýanowa