Ï Tehnologiýalar merkezine halkara sertifikat gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýalar merkezine halkara sertifikat gowşuryldy

view-icon 5340
Tehnologiýalar merkezine halkara sertifikat gowşuryldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasyna (IASP) agzalygyň sertifikatyny aldy. 1984-nji ýylda döredilen guramanyň edarasy Ispaniýanyň Malaga şäherinde, sebit edaralary bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýär.

Sertifikatyň Merkeze döredýän mümkinçilikleri barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehologiýalar merkeziniň Täze maddalaryň sinteziniň tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiri Jeren Sylabowa şeýle gürrüň berýär:

— Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn özara peýdaly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar, 40-dan gowrak halkara guramalarynyň agzasy bolan ýurdumyz olaryň işine işjeň gatnaşýar. Daşky gurşawy, oba hojalygyny, senagaty, saglygy goraýşy, bilimi, medeniýeti we beýleki ugurlary ösdürmek boýunça bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda esasy wezipesi dünýäniň ylmy-tehniki innowasion merkezleri bilen tejribe hem-de tehnologiýalary alyşmakda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün edýän halkara guramalarynyň birnäçesi hereket edýär. Ylmy parklaryň we innowasion zolakalryň halkara assosiasiýasy (IASP) olardan iň meşhurlarynyň biridir.

Tejribeli ylmy parklary birleşdirmek we serwisleriň elýeterliligini üpjün etmek Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) esasy wezipesidir. Tehologiýalar merkeziniň Halkara assosiasiýasyna agza bolmagy alymlara bu assosiasiýa girýän dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy merkezleriniň 350-si, milli assosiasiýalarynyň innowasiýalary ilerletmek, bilimleri paýlaşmak we tehnoparklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilermenler bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer.

Assosisasiýanyň işi tehnoparklaryň ösüşine we netijeliligine ýardam edýär. Önümçilik we täze tehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalygy hem-de audiowizual programmalary işläp taýýarlamak bilen iş salyşýan rezident-kompaniýalaryň 115 müňüsiniň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge kömek berýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasyna gatnaşmagy, öz gezeginde, esasy wezipesi innowasion işi goldamak hem-de ylmy barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň ylmy netijelerini açmak üçin amatly şertleri döretmek bolan Tehnologiýa merkezinde 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzda döredilen ilkinji Tehnologiýalaryň transferti merkeziniň işine uly mümkinçilikler berer.

TYA-nyň Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasyna agza bolmagy ählumumy derejede Tehnologiýalar merkeziniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler döreder.