mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdep-internatynda baýramçylyk konserti boldy

view-icon 2876
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdep-internatynda baýramçylyk konserti boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň döredilen gününiň 29 ýyllygy baýramçylyk konserti bilen bellenildi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda ýylymyzda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň goldamaklarynda guraldy.

Her ýyl bu mekdebi zehinli ýaşlaryň ençemesi tamamlaýar we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girýärler.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden gelen çagalar okaýarlar. Sebitlerden ýetişigi ýokary okuwçylar 6-njy synpy tamamlandan soň, bäsleşik esasynda geljekki fizikleriň, matematikleriň, himiýaçylaryň we biologlaryň taýýarlanylýan mekdebine girip bilerler. Mekdepde beýleki dersler bilen birlikde bu dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Galyberse-de, çagalar tans, aýdym-saz , surat, çeper eller gurnaklaryna gatnap, hünärleri öwrenýärler we ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler.

Mekdebiň taryhyndaky şanly senäni-de aýdym-sazly şahyrana agşam bilen belläp geçirilmegi bellenildi. Medeni çäräniň guramaçysy, terbiýeçi-mugallym Bezirgen Muhammedowyň taýýarlan konsertinde halk aýdymlary we döwrebap aýdym-sazlar ýaňlandy hem-de goşgular okaldy.

Küştdepdi halk tansy çäräniň bezegi boldy. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hem aýtmak gerek.

Ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni we mekdebiň döredilen güni mynasybetli çärä gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.