Ï ÝHHG türkmen talyplary üçin seminar geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG türkmen talyplary üçin seminar geçirdi

view-icon 5078
ÝHHG türkmen talyplary üçin seminar geçirdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdalygynyň 30 ýyllygy mynasybetli talyplar üçin «Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we onuň Merkezi Aziýa sebitindäki orny» atly üç gunlük okuw gurady we bu okuwy gepleşikler we mediasiýa ulgamynda bilermen hem-de barlagçy Ida Manton geçirdi.

Seminarda talyplar ÝHHG-nyň taryhy, onuň gurluşy, çözgütleriň kabul edilişi ýörelgeleri we howpsuzlygyň üç ölçeginde borçlary bilen, ÝHHG-nyň dialoga ýardam etmek ulgamyndaky işi we gepleşikleri geçirmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bilermen gender deňliginiň we ÝHHG-nyň degişli borçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berdi.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor talyplara ýüzlenip, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň esas goýujy ýörelgesi bolan howpsuzlyga ählumumy çemeleşmesine golaýdygyny» nygtady. Ol şeýle hem bu okuwyň geljekki diplomatlara guramanyň halkara gatnaşyklarynda dürli taryhy döwürlerindäki, häzirki wagtdaky ähmiýetine gowy düşünmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ida Manton öz gezeginde, meseleleri döredijilikli çözmäge we netijeli gürleşmäge ukyply diplomatlar bolmak üçin türkmen ýaşlarynyň uly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Okuwyň çäklerinde geljekki diplomatlara köptaraplaýyn gepleşikler geçirmek endigini synap görmäge mümkinçilik berildi.