Ï Mallaryň gyşdan gowy çykmagynyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mallaryň gyşdan gowy çykmagynyň girewi

view-icon 4537
Mallaryň gyşdan gowy çykmagynyň girewi

Ýurdumyzyň demirgazygynda mallaryň gyşlamagy üçin ygtybarly iým gory döredilip, şu güne çenli gara mallary ýetişdirmäge ýörüteleşdirilen daýhan birleşiklerinde we döwlet maldarçylyk toplumlarynda iým taýýarlamak tabşyrygy üstünlikli amal edildi.

Welaýatda bu alada, aýratyn üns berilýär. Iri baldakly iýmler hasaplanylýan tebigy öri otlaryndan başga-da, bu ýerde suwarymly ýörüte bölünip berlen ýerlerde ýetişdirilýän otlar, galla ekinleriniň käbir görnüşleri taýýarlanylýar. Daşoguz welaýatynda maldarçylyk toplumlarda : ýataklarda saklanylýan hem-de ýylyň dowamynda esasy iým çeşmesi bolan tebigy öri meýdanlarynda bakylýan görnüşlere bölünýär. Bu ýerde tebigy otlar we ýandak ýerinde petdelenip we küdelenlip, zerurlyk çykan ýere daşalýar.

Maldarlar olaryň gyş aýlary dok saklanmagynyň diňe bir olaryň baş sanynyň doly saklanmagyna däl, eýsem köpelişine hem täsir edýändigine gowy düşünýärler.

Daşoguz welaýatynda maldarçylyk, şol sanda öri maldarçylygy ösen pudakdyr. Dürli döwlet edaralarynda we daýhan hojalyklarynda gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň baş sany ýylsaýyn artýar.