Ï Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – döwrüň talaby
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – döwrüň talaby

view-icon 6730
Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – döwrüň talaby

Türkmenistanda bilimli ýaş nesli terbiýelemek, okatmak döwletimiziň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Ruhy baý we ýokary ahlakly şahsyýetiň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Döwlet ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň bähbitlerine ýaşlaryň başarnygyny doly ulanmaga gyzyklanýar. Intellektual maýa we innowasiýalary ilerletmegiň ugurlarynyň biri hökmünde bilim täze tehnologiýalaryň esasynda bazaryň ösüşi üçin binýatalýyn şertleri döredýär.

Ýurdumyzda bilim bermegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, informasion-kommunkiasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we kärine ussat hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu ugurda täze kanunçylyk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy – milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ugurda häzirki tapgyrda geçen ýyl «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ähmiýeti uly boldy, onuň aýry-aýry düzgünlerinde kompýuter tehnologiýalarynyň ösüşine we bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgam meselelerine möhüm orun berilýär. Bu ugruň esasy maksady bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar üpjünçilgidir, bilim hyzmatlarynyň mazmununy baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmakdyr, okatmak usulýetini kämilleşdirmekdir.

Mundan başga-da, internet-hyzmatlaryň giň görnüşleriniň mundan beýläk hem ornaşdyrylmagy ilaty goşmaça bilim almaga, hünärini ýokarlandyrmaga höweslendirýär.

Tejribe işleri we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň seljermesi sanlylaaşdyrmak esasynda okadylanda alnan bilimiň gündelik işimiziň hiline oňyn täsir edýändigini görkezýär.

Kompýuter tehnikasynda işlemäge başarnyk, ulgam tehnologiýalary arkaly hukuk binýady we usulyýet materiallary bilen tanyşmak sanly tehnologiýalary geljekde-de ösdürmek üçin wajyp we zerur şertdir.

Bularyň bary geljekde sanly usullary bilim ulgamyna ornaşdyrmagy işjeňleşdirmäge, ykdysadyýete we beýleki ugurlara jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin maýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik berýär.