Ï Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody: gözlegler we belent sepgitler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody: gözlegler we belent sepgitler

view-icon 4211
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody: gözlegler we belent sepgitler

Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçe görnüşi ýasalýan Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri döredijilikli gözlegleriň we işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň netijesinde ýyllyk tabşyrygy artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Şu ýylyň 10 aýynda ýyllyk meýilnamanyň 140 göterimine golaý amal edildi.

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen, bu kärhanada olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işleri guramaçylykly ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Kärhanada öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary oba hojalyk tehnikalaryndan başga-da «Gallaönümleri», pagta arassalaýjy kärhanalaryna, şeýle hem «Azyk» önümçilik birleşigine hem iberilýär. Bu kärhananyň diňe bir Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamy üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň Oba hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, «Galla» we «Azyk» önümçilik birleşikleriniň, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň buýurmalary esasynda hem ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar.