Ï Bol önüm öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol önüm öndürilýär

view-icon 3503
Bol önüm öndürilýär

«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda ýerleşýän degirmenler toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ýerde işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde ak bugdaýyň ygtybarly saklanylmagy, onuň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli un önümleriniň öndürilmegi doly üpjün edilýär.

Kärhananyň ýanynda birwagtlaýyn 50 müň tonna däne saklamak üçin niýetlenen elewatoryň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle hem şu ýylyň täze galla hasylyny taýýar azyk önümlerine öwürmekde kärhanadaky ýylda 50 müň tonna öndürýän, bir gije-gündizde 200 tonna däne üwäp bilýän ösen desgasy netijeli işledilýär. Şeýle-de bu ýerde öndürilýän ýokary hilli un bolsa täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär.

Kuwwatly desgalaryň, kämil enjamlaryň, kompýuterleriň tejribeli hünärmenler tarapyndan sazlaşykly dolandyrylmagy hem arzyly, mukaddes önümleriň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada azyklyk bugdaýyň 30696 tonnasy senagat taýdan gaýtadan işlenildi. Munuň özi, meýilnamada bellenilenden 6394 tonna köpdür. Öndürilen unuň umumy möçberi hem 23 müň tonnadan gowrak boldy.

Taýýarlanan unuň 15347 tonnasy birinji, 7675 tonnasy bolsa ýokary hillidir. Alnan kepegiň möçberi-de 7060 tonna barabardyr. Netijede kärhana boýunça önümçiligiň ösüş depgini 126,3 göterim ýokarlandyryldy.