mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 3033

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2 — 3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý.,
№ 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde:

«Öndürilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «26%-i» diýen sany «30%-i» diýen sana çalşyrmaly;

«Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri» böleginde «34%-i», «53%-i» we «67%-i» diýen sanlary degişlilikde «39%-i», «61%-i» we «77%-i» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «80%-i» we «8» diýen sanlary degişlilikde «92%-i» we «9» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler» böleginde «146%-i», «34» we «53» diýen sanlary degişlilikde «168%-i», «39» we «61» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri)» böleginde «7» diýen sany «8» diýen sana çalşyrmaly;

«Temmäki önümleri» böleginde «93%-i» we «4» diýen sanlary degişlilikde «116%-i» we «5» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary» böleginde «19,5» diýen sany «24,4» diýen sana çalşyrmaly;

2) 187-nji maddanyň bäşinji böleginiň sekizinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Bilim edaralaryny tamamlan we işe kabul edilen ýaş hünärmenler üçin hasaplanan salgydyň möçberi, olaryň alýan ähli girdejileri boýunça işe başlan aýyndan başlap ilkinji 12 aýyň dowamynda — 50 göterim, ondan soňky 24 aýyň dowamynda 25 göterim azaldylýar.»;

3) 218-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«218-nji madda. Awtomobilleriň

ýerlenilmegi üçin

ýygymyň möçberi

Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:

ýeňil awtomobiller üçin:

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli — 10 essesi;

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli — 20 essesi;

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary — 40 essesi;

öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar — 10 essesi;

awtobuslar üçin:

10-15 orunlyk — 10 essesi;

16-25 orunlyk — 20 essesi;

25 orunlykdan ýokary — 30 essesi;

ýük awtomobilleri üçin:

ýük göterijiligi 5 tonna çenli — 10 essesi;

ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli — 20 essesi;

ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary — 40 essesi.»;

4) 223-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«223-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň

eýelerinden alynýan

ýygymyň möçberleri

Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:

motoulaglar üçin — 2 essesi;

ýeňil awtomobiller üçin:

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli — 4 essesi;

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli — 6 essesi;

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary — 10 essesi;

öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar — 4 essesi;

awtobuslar üçin:

10-15 orunlyk — 4 essesi;

16-25 orunlyk — 6 essesi;

25 orunlykdan ýokary — 10 essesi;

ýük awtomobilleri üçin:

ýük göterijiligi 5 tonna çenli — 10 essesi;

ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli — 20 essesi;

ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary — 30 essesi.».

II. Şu Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry.