Ï Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işi utgaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işi utgaşdyrylýar

view-icon 3624
Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işi utgaşdyrylýar

2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Oňa «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümine girýän degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferenesiýasynyň hünärmeni gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara iş toparynyň başlygy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler esasynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Soňra, Pudagara toparynyň düzümine girýän her-bir ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri resmileşdirme işleri «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak babatynda kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada hem-de tehniki-aragatnaşyk we hünärmen üpjünçilikleri barada giňişleýin hasabatlar bilen çykyş etdiler.