mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Tebigy ekiniň» üstünlikleri

view-icon 1852

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynda işler döwrüň talabyna laýyk anyp barylýar.

2019-njy ýylda Türkmenabat şäheriniň eteginden ýerleri uzak möhletleýin kärendesine alan bu daýhan hojalygynda ýylyň ýylyna gök–bakja ekinleriniň we ýeralmanyň bol hasyly kemala getirilýär. Ilatymyzy ekologik taýdan arassa, öz topragymyzdan önýän ter gök-bakja önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän bu hojalygyň ýeňillikli karzlar esasynda ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalary satyn almagy, şeýle hem tejribeli oba hojalykçylaryň maslahatlary esasynda ekinlere ideg etmegiň häzirkizaman usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Hojalygyň zähmetsöýer ekerançylary şu ýyl 260 gektara golaý ýere ýeralma ekip, ondan 2 müň 135 tonna hasyl almaklygy başardylar. Şeýle hem «Tebigy ekiniň» ekerançylary tarapyndan şu oba hojalyk ýylynda 200 gektar ýerde käşir ekilip 800 tonna, 50 gektar meýdanda ekilen kelemden hem 275 tonna, 26 gektar ýerde ekilen gawun – garpyzdyr kädiden hem 1 müň 250 tonna hasyl ýygnalyp, ak bazarlarda alyjylara hödürlendi. Öndürilen önümiň belli bir bölegi bolsa, welaýatyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşmesiniň sowadyjy ammarlarynda ýerleşdirildi. Munuň özi ýylyň bütin dowamynda ilata ter oba hojalyk önümlerini hödürlemäge mümkinçilik berer.

Işleri barha rowaçlanýan bu hojalykda şugundyryň, sarymsagyň hem bol hasyly kemala getirilýär. Geljek ýylda 25 gektar ýeri gurşap alan erik, alma, şetdaly, armyt, ülje baglaryndan hem ilkinji hasyla garaşylýar. «Tebigy ekin» daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler tutanýerli zähmetiň hemişe arzyly maksada ýetirýändigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.