Ï Lagym suwuny arassalaýjy täze desga işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lagym suwuny arassalaýjy täze desga işe girizildi

view-icon 3895
Lagym suwuny arassalaýjy täze desga işe girizildi

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kubmetrini arassalama kuwwaty bolan täze desganyň gurluşygy «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Döwrebap suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýat häkimliginiň we etraplaryň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden «Mukaddes toprak» HK-nyň ýolbaşçysy Muhammet Annamuhammedow umumy meýdany 4,2 gektar bolan bu gidrotehniki desganyň etrabyň çägindäki «Arçman» şypahanasyndan, şeýle-de Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga özboluşly mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Bu ýerde oturdylan ýokary hilli enjamlar ̶ sorguçlar, süzgüç ulgamlary we halkara ülňülerine laýyk gelýän beýleki innowasiýa tehnologiýalary, şol sanda biologik tehnologiýalary-da ulanmak bilen, lagym suwlaryny köp basgançakly arassalamaga mümkinçilik berer.

Täze gidrotehniki desganyň işe girizilmegi bilen lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga özboluşly mümkinçilik döredi.