Ï Ýaşyl maýsalara yhlasly ideg
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşyl maýsalara yhlasly ideg

view-icon 4369
Ýaşyl maýsalara yhlasly ideg

Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önüm bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.

Welaýatda kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylyp, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda öz wagtynda geçirilmegi ak ekiniň gowy gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi. Şu günlerde ekiş geçirilen meýdanlarda ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ak ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmekde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli «John Deere» we «Claas» kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalarynyň, şeýle hem kämil tirkeg gurallaryň ulanylmagy işleriň öndürijilikli we kada laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Häzirki wagta çenli bugdaý ekilen meýdanlara 8 müň 240 tonna golaý karbomid döküniniň, 25 müň 630 tonna golaý hem fosfor döküniniň berlendigini, şonuň bilen birlikde ýaşyl maýsalary karbomid döküni bilen 1-nji gezek iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny aýtmak hem buýsandyryjydyr.

Welaýatyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda haşal otlara garşy göreşmek, ösüş suwuny tutmak işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işler ak bugdaýyň bol hasylynyň düýbüniň tutulýandygyna şaýatlyk edýär.