Ï Ildeşlerimiz üçin IT-tehnologiýalarynyň ilkinji elektroniki sözlük elýeterli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiz üçin IT-tehnologiýalarynyň ilkinji elektroniki sözlük elýeterli boldy

view-icon 5866
Ildeşlerimiz üçin IT-tehnologiýalarynyň ilkinji elektroniki sözlük elýeterli boldy

Türkmenistan «IT sözlük» ady bilen maglumat-kommunikasiýa  tehnologiýalarynyň sözlügi bolan ilkinji ykjam goşundysyny ulanyşa goýberdi.

Bu ilkinji üç dilde düzülen sözlügi halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) bilen bilelikde taýýarlady.

«IT Sözlük» atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň türkmen dilindäki adalgalary bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin niýetlenendir.

Sözlük maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň esasy adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemelerini hödürleýär. Döwlet gullugy akademiýasy geljekde bu goşundynyň täze adalgalar bilen yzygiderli üstüni ýetirip sanly platformany giňelder we oňa ykdysady we tebigaty goramak boýunça sözlükleri girizer.

USAID bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljekde ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça bölümleriniň hünärmenleri üçin gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuw kurslaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.