Ï «Mawy ýangyjyň» möçberi we üpjünçiligi artar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mawy ýangyjyň» möçberi we üpjünçiligi artar

view-icon 3964

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan «mawy ýangyjy» sarp edijilere ýetirmäge niýetlenen desgalary gurmak boýunça netijeli işler alyp barýarlar.

Bu müdirligiň gurluşykçylary şu ýyl Üçajy – Zergär aralygyndaky gaz geçirijini gurmak işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa berdiler. Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.

 Häzirki wagtda bolsa bu müdirligiň zähmetsöýer gurluşykçylary Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükläp ugradýan desganyň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, gurluşykçylaryň zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilmegi sarp edijileriň suwuklandyrylan gaza bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljak bu desganyň gurluşygynyň ýakyn wagtlarda tamamlanjakdygyna şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da bu müdirligiň gurluşykçylarynyň Naýyp gaz käninde gaz guýularyny özleşdirmek işlerini güýçli depginde alyp barýandyklaryny belläp geçmek bolar. Bu bolsa, sebitde tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.