Ï Gaýtadan işlenýän çig maldan turba öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaýtadan işlenýän çig maldan turba öndürilýär

view-icon 7503
Gaýtadan işlenýän çig maldan turba öndürilýär

«Saka» hojalyk jemgyýetiniň zawody gaýtadan işlenýän çig maldan dürli ýogynlykly we maksatly polietilen hem propilen turbalary öndürmegi özleşdirdi.

Telekeçileriň Änew şäherinde guran kärhanasynyň önümçilik desgalary awtomatik enjamlary bilen abzallaşdyrylandyr, bu bolsa her ýyl suw üpjünçiligi we lagym suwlary üçin niýetlenen diametri 16-dan 500 mm çenli bolan 350 tonnadan gowrak turba öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, kärhana kabel suwaryş turbalarynyň önümçiligini-de ýola goýdy, bu bolsa täze oba meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Önümleriň hapalanan lagym suwlaryny başga ýana akdyrmaga niýetlenen bir bölegi, ýagny 60 tonnadan gowragy gaýtadan işlenýän çig maldan guýulýar. Şu maksat bilen hojalyk jemgyýeti ilatdan propilen we polietilen turbalaryň galyndylaryny, plastik paketleri ýygnamagy ýola goýdy.

Hojalyk jemgyýetiniň önümlerine ýurdumyzyň barha ösýän gurluşyk bazarynda isleg bildirilýär.