mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Gepleşikleri geçirmek sungaty boýunça ussatlyk dersi

view-icon 2620

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň bellenmeginiň çäginde, 5 – 9-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda öňüni alyş diplomatiýasy we diplomatik gepleşik başarnyklary boýunça okuw geçirýär.

Okuwlar Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýokary ýyl talyplary hem ýaş mugallymlary üçin niýetlenendir.

Okuwlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň mejlisler zalynda Zoom platformasyndaky sanly ulgam arkaly garyşyk görnüşde geçirilýär.

Institutyň ýolbaşçylygy bu çäre üçin zerur multimediýa wideo we kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan ýörite synp otagyny taýýarlady.

Okuwy ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor we Niderlandly professor Sami Faltas geçirýär.