Ï Maldarçylyk ulgamy: Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylyk ulgamy: Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

view-icon 9868
Maldarçylyk ulgamy: Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlykly gelinmegi mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hojalyklaryň bilelikdäki tagallalary, işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde welaýat boýunça gyş möwsümine ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot – iýmleri taýýarlanyldy.

Has takygy mallar üçin ätiýaçlyk ot iýmleriň şu döwre çenli 12 müň 595 tonnasy, şol sanda meýdan otunyň bedesiniň 201 tonnasy, iri baldakly otlaryň hem 12 müň 394 tonnasy mallaryň gyşladylýan kaşarlarynda ýerleşdirildi. Kaşarlaryň welaýat boýunça 317 sanysynyň doly abatlanyp, dowarlary ýyly gyşlatmaga taýýar edilendigini hem belläp geçmek möhümdir. Häzirki wagtda welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň baş sany 98 müňe golaýdyr, şu degişli möwsümde hem owlak – guzularyň 69 müň 211 sanysy ösdürime goýberildi. Şeýle hem welaýat boýunça maldarçylyk hojalyklarynda düýeleriň baş sanynyň 2 müň 900-den geçmegi sarwanlaryň netijeli iş alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň düzüminde “Serdar”, “Jeýhun”, “Garagum”, ”Tallymerjen”, “Köýtendag” ýaly maldarçylyk hojalyklary hereket edýär. Mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olary dok we ýyly gyşlatmakda Saýat etrabynyň “Jeýhun” maldarçylyk hojalygy has-da tapawutlanýar.

Umuman, welaýatda ýeterlik ot-iým goruny döretmek, kaşarlary abat ýagdaýda saklamak, mallary dok we ýyly gyşlatmak, olaryň baş sanyny artdyrmak, şonuň bilen birlikde ýurdumyzda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň degişli hünärmenleriniň, maldarlarynyň, weterinar lukmanlarynyň, kärendeçi çopanlarynyň tutanýerli zähmet çekýändiklerini, asylly zähmetiň bolsa hemişe arzyly maksada ýetirýändigini buýsanç bilen aýtmak bolar.