Ï Önümleriň görnüşi artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümleriň görnüşi artdyrylýar

view-icon 4934
Önümleriň görnüşi artdyrylýar

Ýurdumyzyň demirgazygynda üstünlikli işleýän “Was” açyk paýdarlar jemgyýeti özüniň iş gerimini giňeltdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmak bilen, öň et önümlerini gaýtadan işlemekde ýöriteleşen bu jemgyýet täze önümçiligi – miwedir gök önümleri gaýtadan işlemegi özleşdirdi. Muňa hususy haryt öndürijisine döwlet tarapyndan bölünip berlen 30 gektar meýdanyň ygtyýarynda bolmagy ýardam etdi. Indi ol ýerde miwedir, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olary we beýleki daýhanlardan şertnama boýunça satyn alynýan çig mallary gaýtadan işlemek üçin, hünärmenler önümçilik zolagynda ýöriteleşdirilen ýarym awtomat liniýany işe girizdiler, onda her möwsümde ýokary hilli konserwlenen önümler öndürilýär.

Şu ýyl jemgyýetiň hünärmenleri sarp edijilere on müňlerçe gaplanan pomidor, leço, ajy huruş iberdi.

Hususy gurluşyň şunuň ýaly telekeçiligi sebitde öndürilýän konserwlenen miweleriň we gök önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda özleri üçin girdejili täze ugurlary özleşdirýän hususy gurluşlaryň iş gerimlerini giňeltmek ýaly oňyn meýil ýüze çykdy. Ozal gurluşyk pudagynda ýöriteleşen käbir hususy kärhanalar oba hojalygynda ýa-da ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda öz düzüm böleklerini döretdiler. Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliginiň şeýle ösmegine döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw ýardam edýär, bu bolsa işewürlik ýagdaýyny hasam güýçlendirýär.