Ï Oba hojalykçy alymlaryň döredijilikli zähmeti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalykçy alymlaryň döredijilikli zähmeti

view-icon 5961
Oba hojalykçy alymlaryň döredijilikli zähmeti

Dekabr aýy geçip barýan ýylyň netijeleri jemlenýän we täze wezipeleri ýerine ýetirmäge taýynlyk görülýän wagtdyr. Aýaklap barýan ýylda Türkmenistanyň oba hojalykçy alymlary senagaty çig mal bilen üpjün etmek we ýurdumyzda azyk bolçulygyny ösdürmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilen önümçilik ugrunda uly işler alyp bardylar. Ol oba hojalyk ylmynyň dürli ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini köpeltmek, ýerleriň şorlaşmagyny azaltmak we hasyllylygy ýokarlandyrmagyň täze biologik usullaryny ornaşdyrmak, suwy tygşytlamak we aýawly çemeleşmek, pagta tohumyny ekişe taýýarlamagyň biologik usullaryny işläp düzmek, şor toprakda miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ekin suwlaryny ölçemek we sazlamak üçin tehniki serişdeleri döretmek ýaly işleri öz içine alýar.

Ozal 2018 – 2021-nji ýyllarda türkmen alymlary tarapyndan geçirilen ylmy-gözleg we tohumçylyk işleriniň netijeleri boýunça «Ahal-5», «Ýolöten-52», «Ýolöten-54», «Daşoguz-150» orta süýümli, «Ýolöten-56» inçe süýümli pagta görnüşleri, şeýle hem ýumşakdan berk güýzlük bugdaýyň, arpanyň, soýanyň dürli görnüşleri döwlet synagy üçin ösdürilip ýetişdirildi hem Türkmenistanyň Döwlet tohumçylyk we sort synagy gullugyna tabşyryldy. Täze döredilen «Rowaç» we «Şaserpaý» atly üzüm görnüşleri-de synag üçin tabşyryldy. Häzirki wagtda bu görnüşler ýurdumyzyň sebitlerindäki döwlet sort synagy meýdançalarynda synagdan geçirilýär. 2021-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli oba hojalykçy alymlar «Aşgabat-140» we «Garaşsyzlyk-30» atly orta süýümli pagta görnüşlerini döredip, önümçilige girizmegi teklip etdiler.

Ylymlar akademiýasynyň we Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ekin ýerleriniň şorlaşmagyny azaltmak üçin, «Topragy biologik dökünlemegiň täze tehnologiýasyny» işläp düzdüler we meýdan şertlerinde synagdan geçirdiler. Ylymlar akademiýasynyň alymlary 2022-nji ýylda senagat we oba hojalyk ähmiýeti bolan «Ownuk owradylan mineral-organiki çylşyrymly dökünleriň düzümini we ony taýýarlamagyň usulyny» oýlap tapdylar. Bu usulyň geljekde önümçilige giňden girizilmegine garaşylýar. Türkmenistanda ekin suwlaryny tygşytly ulanmak ýörelgesi hem taýýarlandy we ony kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.