Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna barabar boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna barabar boldy

view-icon 5327

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 8 million 956 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.